Erkekleriň we zenanlaryň arasynda badminton boýunça ýaryş geçirildi



     Bedenterbiýe we sporty halkymyzyň arasynda ýaýbaňlandyrmak maksady bilen degişli guramalar tarapyndan düýpli işler durmuşa geçirilýär. Muňa bolsa guralýan ýaryşlar hem şaýatlyk edýär. Ýakynda badminton boýunça zenanlaryň we erkekleriň arasynda geçirilen ýaryş hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýaryş Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda geçirildi.
     Erkekleriň arasynda geçirilen ýaryş Aşgabat şäheriniň 24-nji orta mekdebinde guraldy. Ýaryşyň netijesi boýunça talyp türgenimiz Nurmuhammet Apow I orna, Annaoraz Orazdurdyýew III orna mynasyp bolmagy başardy.
     Jübütleýin geçirilen ýaryşda bolsa N.Apow, A.Orazdurdyýew dagylar ýeňişini baýram etdiler. Ýokary okuw mekdebimiziň türgen talyplary M.Amanmyradow, B.Saryýew dagylar bolsa jübütleýin geçirilen ýaryşyň üçlügini jemlediler.
     Zenanlaryň ýaryşy bolsa Aşgabat şäheriniň 46-njy orta mekdebinde guraldy. Ýaryşyň netijesinde ýokary okuw mekdebiziň talyby Ýana Sarkisýan I orny eýelemegi başardy.

Taýýarlan Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47