Talyp türgenlerimiziň ýeňişi



   Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda bedenterbiýe we sporty ösdürmek maksady bilen yzygiderli sport ýaryşlary guralýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde bolsa eýýäm birnäçe ýyl bäri “Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly şygar astynda guralýan spartakiadany we uniwersiadany belläp  geçmek gerek. 
   “Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” şygar astynda geçirilýän bu ýaryşda biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyp türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça çykyş edip baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başarýarlar. Muňa mysal edip bolsa erkin göreş boýunça geçirilen ýaryşda talyp türgenlerimiziň gazanan ýeňişlerini aýtmak bolar. 
   Sportuň bu görnüşi boýunça A.Hamaýun 57 kg. agram derejesinde I orna, R.Seýidow 61 kg. agram derejesinde II orna, H.Çaryýew 65 kg. agram derejesinde III orna, G.Çaryýew 70 kg. agram derejesinde I orna, A.Amanmyradow 74 kg. agram derejesinde I orna, A.Saparow 79 kg. agram derejesinde I orna, G.Öwezberdiýew 86 kg. agram derejesinde I orna, R.Pendiýew 92 kg. agram derejesinde III orna, Ş.Hemelýaew 97 kg. agram derejesinde I orna, Z.Saparow 125 kg. agram derejesinde I orna mynasyp boldular. Türgenlerimizi bu ýaryşa tejribeli tälimçi mugallym Selim Çaryýew taýýarlady. Talyp türgenlerimizi ýeňişleri bilen gutlap, olara geljekki ýaryşlarda hem üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris. 

Taýýarlan: Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň 
mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47