Halkara ýaryşdaky üstünlikler



   Ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda sport bilen meşgullanýanlaryň sany gün-günden artýar. Hususanda ýaşlaryň sport bilen içgin meşgullanmaklary, iri halkara ýaryşlarynda üstünlikleri gazanmaklary guwandyryjydyr. Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde Sambo boýunça geçirilen ýaryş hem şeýle ýaryşlaryň biri boldy. “Sambony esaslandyryjylaryň kubogy”-ny almak ugrundaky guralan bu ýaryş sport janköýerlerinde uly gyzyklanma döretdi. 
   Ýaryşa biziň ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe fakultetiniň talyby Sapar Döwletow hem gatnaşyp,  64 kg. agram derejesinde III orny eýelemegi başardy.
   Türgenimizi halkara ýaryşynda gazanan üstünligi bilen gutlaýarys. Hem-de şeýle baýraklarynyň köp bolmagyny arzuw edýäris.

Taýýarlan: Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň 
mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47