Talyp türgenlerimiz aşihara karate boýunça Ýewraziýa çempionatynda medallary gazandylar


Türkmen ýygyndysy Türkiýäniň Stambul şäherinde geçen aşihara karate boýunça Ýewraziýa çempionatynda netijeli çykyş etdi. 18 döwletden 385-den gowrak türgeni jemlän ýaryş ildeşlerimize 14 medal getirdi. Şolaryň 9-sy altyn, 5-si bolsa kümüş medallardyr. Gazanylan netijeleriň ählisi aşihara karateniň kumite görnüşindendir.
Uly ýaşlylaryň arasynda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagynda ornaşmak 65 kg-de bäsleşen sport fakultetiniň sport hünäriniň 4-nji ýyl talyby Daýanç Gylyçdurdyýewe hem miýesser etdi.
Uly ýaşly oglanlaryň arasyndaky çykyşlaryny kümüş medal bilen jemlemegi bolsa 70 kg-de çykyş eden sport fakultetiniň sport hünäriniň 4-nji ýyl talyby Joşgun Täçmedow, 95 kg-den ýokary agramda bäsleşen sport fakultetiniň sport hünäriniň 4-nji ýyl talyby Maksat Annagylyjow dagylara başartdy.

Taýýarlan: Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň 
mugallym-öwrenijisi G.Gurbanmämmedowa

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47