Ýaş türgenler suwda yüzmek boýunça halkara ýaryşynda medallary gazandylar



   12 ― 16-njy sentýabr aralygynda Täjigistanda Suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşy geçirilýär.
   Ýaryşa, tälimçi Walentin Gorşkowyň ýolbaşçylygynda, türgenleriň ýedisi: Gurban Hommadow, Abdyrahman Agamyradow, Roman Şabelnik, Seýran Nurmyradow, Muhammet Gutlyýew, Waleriýa Mirenskaýa we Ogulmerjen Nuraýewa gatnaşýar. Görnüşi ýaly, toparyň düzüminde zenanlaryň arasynda suwda ýüzmek boýunça Özbegistanda geçen Açyk çempionatyň bürünç medalynyň eýesi Waleriýa Mirenskaýa hem bar. Ýaryşa Tajigistan, Özbegistan, Gazagystan we Gyrgyz Respublikasy ýaly onlarça ýurtdan ýaş türgenler gatnaşýar.
   Ýaryşyň ilkinji gününde Türkmenistanyň ýygyndy topary medallaryň dördüsini gazandy. Waleriýa Mirenskaýa we Ogulmerjen Nuraýewa bilelikde kümüş medaly hem-de aýratynlykda her haýsy bürünç medallary gazandylar.
   200 metre brass görnüşinde ýüzmek boýunça bürünç medaly Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gurban Hommadow gazandy.

Selbi Bäşimowa,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport
institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň
3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47