Şanly wakalara bagyşlandy
11 ― 19-njy sentýabr aralygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplar sport toparlarynyň arasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň sport, sagdyn durmuş baş ýörelgesidir» diýen at bilen sport ýaryşlary geçirildi.
Türkmenistanyñ Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu sport ýaryşlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütündünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegine, şeýle hem Halkara talyplar sport gününe bagyşlandy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport binalarynda geçirilen ýaryşlarda woleýbol görnüşi boýunça 1-nji orna Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz unwerstitetiniň topary, 2-nji orna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty» topary, 3-nji orna Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi» topary mynasyp boldy.
Gandbol görnüşi boýunça geçirilen ýaryşyň netijesi boýunça 1-nji orny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty» topary, 2-nji orny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Binagär» topary, 3-nji orny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň «Hazyna» topary eýeledi.
Žaloleddin Baltabaýew,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyñ
sport žurnalistikasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.