«Ýaşlarymyz geljege uly ynam bilen, sportda ösüşler sanly ulgam bilen» (Netijeler)
«Ýaşlarymyz geljege uly ynam bilen, sportda ösüşler sanly ulgam bilen» atly internet olimpiadasynyň netijeleri
«Ýaşlarymyz geljege uly ynam bilen, sportda ösüşler sanly ulgam bilen» atly IV internet bäsleşigi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli saglyk aýynda meýilleşdirilen çäreleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri arkaly «Ýaşlarymyz geljege uly ynam bilen, sportda ösüşler sanly ulgam bilen» atly IV internet bäsleşigini geçirmegiň
D Ü Z G Ü N N A M A S Y
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmagyň meýilnamasynda, «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, «Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli saglyk aýynda meýilleşdirilen çäreleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri arkaly «Ýaşlarymyz geljege uly ynam bilen, sportda ösüşler sanly ulgam bilen» atly innowasion tehnologiýalar arkaly bedenterbiýäni we sporty ylmy esasda öwrenmek, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça IV internet bäsleşigini geçirmek üçin şu düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
I. Umumy düzgünler
Şu düzgünnama Bütindünýä saglyk güni mynasybetli saglyk aýynda meýilleşdirilen çäreleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri arkaly «Ýaşlarymyz geljege uly ynam bilen, sportda ösüşler sanly ulgam bilen» atly innowasion tehnologiýalar arkaly bedenterbiýäni we sporty ylmy esasda öwrenmek, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça IV internet bäsleşigini geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir. Bilim almak, hünär öwrenmek, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmek halkymyzyň gadymdan gelýän nusgalyk milli ýörelgesidir» hem-de «Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar. Bu çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini dünýäde iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer» diýen taryhy sözlerinden ruhlanyp, döwrebap innowasiýalara, tehnologiýalara we öňdebaryjy tejribelere esaslanýan sanly bilim ulgamyna daýanmak arkaly, milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, institutymyzda okuw meýilnamalarynyň, maksatnamalarynyň, edebiýatlarynyň mazmuny, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň ylmy-usulyýet binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.
Häzirki zamanda dünýä ýüzünde adamzat durmuşynyň iňňän wajyp gyzyklanma döredýän pudagy bolan sporty jemgyýetde giňden beýan etmek, ösen dünýägaraýyşly şahsyýetiň kemala gelmeginde onuň ähmiýetini düşündirmek, olarda bedenterbiýe we sporta bolan garaýyşlary terbiýelemek, Türkmenistanda bedenterbiýe we sporty ösdürmek üçin täzeçe çemeleşmeleri durmuşa geçirmek, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen sporty ilatyň arasynda giňden wagyz etmek, şeýle hem innowasion tehnologiýalar arkaly bedenterbiýäni we sporty ylmy esasda öwrenmek maksady bilen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty «Ýaşlarymyz geljege uly ynam bilen, sportda ösüşler sanly ulgam bilen» atly IV internet bäsleşigini yglan edýär.
II. Internet bäsleşiginiň maksady we wezipeleri
Bäsleşigiň geçirilmegi Bütindünýä saglyk güni mynasybetli saglyk aýynda guralýan dabaralara mynasyp goşant goşmaga, bedenterbiýe we sport bilen gyzyklanýan giň dünýägaraýyşly, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.
Bäsleşigiň maksady:
- Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürülýän sagdyn durmuş ýörelgelerini we köpçülikleýin sporty ösdürmek boýunça dünýä jemgyýetçiligine gönükdirilen başlangyçlaryň möhüm ähmiýetini açyp görkezmek;
- innowasion tehnologiýalar arkaly bedenterbiýäni we sporty ylmy esasda öwrenmek, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek;
- bütin dünýäde we ýurdumyzda geçirilýän halkara sport ýaryşlarynyň ähmiýetini beýan etmek;
- ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek;
- ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde pikir alyşmaklaryny guramak;
- talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak.
Bäsleşigiň wezipeleri:
- Zehinli, döredijilige ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini mundan beýläk hem netijeli peýdalanmaklary üçin amatly şertleri döretmek;
- sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak;
- ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim babatda özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak.
III. Internet bäsleşiginiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Ýaşlarymyz geljege uly ynam bilen, sportda ösüşler sanly ulgam bilen» atly IV internet bäsleşigini geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
Guramaçylyk topary:
- Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda internet bäsleşigini geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini alyp barýar;
- bäsleşigi geçirmegiň tertibini, möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri hem-de usulyýet-gözükdiriji gollanmalary taýýarlaýar;
- ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan gelip gowşan işleri bellenilen talaplar boýunça adalatly bahalandyryp, ýeňijileri kesgitleýär.
IV. Internet bäsleşigini geçirmegiň tertibi
- Internet bäsleşigine Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň islendik hünärde bilim alýan talyplary gatnaşyp biler;
- internet bäsleşigi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hereket edýän «http://tdbwesi.sanly/» bilim portalynyň, «http://tdbsi.nesil.edu.tm/» elektron okuw we synag ulgamynyň, «http://www.tdbsi.edu.tm/» resmi web-saýtynyň we «tdbsi@sanly.tm» milli elektron poçtasynyň giň mümkinçilikleri arkaly geçirilýär;
- internet bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýänler baradaky maglumatlar 2024-nji ýylyň 12-nji apreline çenli nusga laýyklykda taýýarlanylyp, guramaçylyk toparynyň tdbsi@sanly.tm milli elektron poçtasyna ugradylmagy arkaly hasaba alynýar;
- internet bäsleşiginiň soraglary we jogap kagyzynyň nusgasy 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde irden sagat 08:00-da Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň elektron salgylarynda ýerleşdirilýär;
- ýokary okuw mekdeplerden internet bäsleşigine gatnaşyjylara bedenterbiýe we sport ugry boýunça düzülen 50 (elli) sany sorag hödürlenilýär;
- internet bäsleşigine gatnaşyjylar soraglaryň jogaplaryny ýörite iberilen jogap kagyzynyň elektron görnüşine dolduryp, 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde sagat 23:59-a çenli tdbsi@sanly.tm milli elektron poçtasyna ibermelidirler, görkezilen wagtdan soň iberilen işler bäsleşige kabul edilmeýär.
V. Internet bäsleşiginiň netijelerini jemlemegiň we sylaglamagyň tertibi
- Internet bäsleşigine hödürlenen işlere Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport kafedralarynda bilim berýän professor-mugallymlardan ybarat bolan eminler toparynyň agzalary baha berýärler hem-de ýeňijileri kesgitleýärler;
- internet bäsleşiginde üstünlikli çykyş eden talyplar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň I, II, III derejeli diplomlary bilen sylaglanylýar;
- internet bäsleşiginiň netijeleri baradaky maglumatlar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalyna we onuň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysyna, «Türkmen sporty» gazetine çap etmäge iberilýär;
- internet bäsleşiginiň geçiş tertibi we ýeňijileri baradaky doly maglumatlar ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän sanly bilim portaly we resmi web-saýty arkaly habar berilýär.