Türkmenistanyň futzal boýunça ýygyndy toparynyň üstünligi
Türkmenistanyň futzal boýunça ýygyndy topary Belarusda geçen halkara ýaryşyň ikinji ornuny eýeledi.
Jemleýji duşuşygyny Belarusyň regulýar çempionatynyň «MFK Minsk» kluby bilen geçiren Ýakup Öwezowyň şägirtleri 3:2 hasabynda ýeňiş gazanmagyň hötdesinden geldiler.
Ozal Türkmenistanyň ýygyndy topary Minsk şäheriniň ýurduň çempionatyna gatnaşyjy «Ohrana-Dinamo» klubuny 7:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi. Birinji duşuşygynda bolsa türkmen topary Belarusyň ýygyndysyndan asgyn gelipdi.
Geçiren duşuşyklarynyň üçüsini hem ýeňiş bilen jemlän Belarusyň ýygyndy topary ýaryşyň ýeňijisi boldy.
Türkmenistanyň futzal boýunça ýygyndy toparynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Gylyçmyrat Gylyçmyradow, Akmyrat Durdyýew, Allaberdi Meredow, Şöhrat Baýramow, Abdylla Nursähedow dagylaryň çykyş edýändigini bellemelidiris.
https://salamnews.tm/