Türkmenistanyň karateçileri Merkezi Aziýanyň çempionatynda 33 medal gazandylar
Türkmenistanly türgenler Samarkantda geçirilen WKF karate boýunça Merkezi Aziýanyň 9-njy çempionatyndan dürli medallaryň 33-sini alyp geldiler.
Ýaryşlara Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 800-den gowrak türgenler gatnaşdylar. Olar kata (görkezme maşklary) we kumite (tutluşyklar) görnüşlerinde dürli ýaş aýratynlyklary boýunça medallar ugrunda göreşdiler.
74 türgeni bilen wekilçilik eden Türkmenistanyň ýygyndy topary medallar hasabynda Gazagystanyň (39 altyn, 30 kümüş we 47 bürünç medallar) we Özbegistanyň (22 altyn, 29 kümüş we 58 bürünç medallar) toparlaryndan soň, üçünji orny eýeledi.
Bu halkara ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgenleri hem ýeňiş gazandylar.
Kümüş medallar:
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Aýgül Esenowa (U21): — şahsy kata;
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Selbi Rozibaýewa: -68kg — şahsy kumite;
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Täçmuhammet Bekiýew — kumite boýunça toparlaýyn bäsleşikde.
Bürünç medallar:
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Ogulsuraý Täçdurdyýewa (U21): -55kg — şahsy kumite;
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Arzuw Seýitgulyýew erkekleriň arasynda: -55kg — şahsy kumite.
https://salamnews.tm/