“Ýüpek ýoly- 2024”



   “Ýüpek ýoly” halkara awtoralli ýaryşy Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde geçirildi. 13 döwletden 100-e golaý toparyň gatnaşmagynda geçirilen bu ýaryş 11 gün dowam etdi. Yaryşda oňa gatnaşyjylar 5 müň 243 kilometrlik menzili külterlediler. 
   Her bir güni gyzykly pursatlara, üstünliklere beslenen ýaryşyň T 2 görnüşinde (ýeňil awtoulaglaryň ýolsuz ýerlerde geçirilýän ýaryşy) Türkmenistanyň  toparlarynyň ikisi baýrakly orunlara mynasyp boldy. Doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewleriň görkezen umumy netijesi kümüş medala, Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowdan ybarat topar bürünç medalyň eýesi boldy. Ildeşlerimiz Meýlis Abdyllaýew bilen Italmaz Çaryýewden ybarat bolan toparyň  hem ilkinji bäsleşige girendigini bellemek gerek. Türkmenistanly toparlar ýaryşyň tapgyrlarynyň birnäçesinde we onuň çäklerinde geçirilen Russiýanyň çempionatynda öňdäki orunlary eýelediler. Bu bolsa türkmenistanly ralliçileriň ussatlygynyň barha kämilleşýändigini hem-de halkara giňişlikde güýçli garşydaşlara öwrülýändiklerini görkezýär. 
   2009-njy ýylda badalga berlen “Ýüpek ýoly” rallisiniň  14-nji gezek tamamlanan halkara ýaryşyň ilkinji pellehanasy Aşgabat şäheri bolupdy. Şu gezekki ýaryş bolsa, Russiýanyň we Mongoliýanyň çäklerinde geçdi. Has takygy, Tomsk şäherinde başlan ralli Ulan-Batorda tamamlandy. Şu ýyl bolsa bu taslama özüniň 15 ýyllygyny baýram edýär.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47