XXXIII TOMUSKY OLIMPIÝA we XVII TOMUSKY PARALIMPIÝA OÝUNLARYNYŇ GOLLANMASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan ata Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň durmuşa giňden ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna dörtýyllygyň iň uly sport baýramçylygynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän ýollanmalary gazanan türgenler wekilçilik eder. Sport ýeňişleri bilen Watanymyzyň tuguny belentden parlatmak, milli sportumyzy dünýä ýaýmak her bir türkmenistanly türgeniň mukaddes borjudyr.
Biz milli türgenlerimize öňde boljak XXXIII Tomusky Olimpiýa we XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlarynda ynamly ýeňişleri gazanyp, ýurdumyzyň sport abraýyny geljekki belent basgançaklara çykarmaklaryny arzuw edýäris.





