Talyp türgenler Merkezi Aziýanyň çempionatynda 10 medal gazandylar
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Gazagystan Respublikasynyň Şymkent şäherinde geçirilen jiu-jitsu boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Türkmenistanyň milli ýygyndysy bu çempionaty 17 medal bilen tamamlady.
2024-nji ýylyň 16-18-nji awgusty aralygynda guralan ýaryşda Marýam Wafaýewa (kontakt görnüşi) bilen Aýnur Kullyýewa (kontakt görnüşi) altyn medala mynasyp boldy. Marýam Wafaýewa jiu-jitsunyň newaza we kombat görnüşlerinde kümüş medal gazandy. Aýnur Kullyýewa bolsa newaza görnüşindäki çykyşyny bürünç medal bilen tamamlady.
Güljan Nurgeldiýewa (kontakt görnüşi), Suraý Gökgäýewa (kontakt görnüşi) we Aminat Guwanjowa (newaza görnüşi) ýaryşy kümüş medal bilen jemledi. Şeýle-de, Merkezi Aziýanyň çempionatynda Suraý Gökgäýewa newaza görnüşinde bürünç medala, Aminat Guwanjowa hem kontakt görnüşinde bürünç medala eýelik etdi.