Türkmenistanly talyplar yklym ýaryşynda altyn medal gazandylar
Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde adaty karate boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň IV çempionaty geçirildi. Bu çempionatda ýurdumyzyň ýygyndysynyň hatarynda türkmenistanly talyplar hem çykyş etdiler.
Aziýanyň we Okeaniýanyň IV çempionatynda 18-21 ýaşly türgenleriň arasyndaky kata ýaryşynda Türkmenistanyň sport abraýyny goran Nurgeldi Annagurbanow (Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby) çykyşyny altyn medal bilen tamamlady. Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyby Hemra Begjanow 18-21 ýaşly türgenleriň arasyndaky şahsy tutluşyk bäsleşiginde altyn medal gazandy. Şeýlelikde, türkmen talyplary yklymyň iň güýçli adaty karateçileriniň gatnaşmagynda guralan ýaryşyň jemi boýunça hormat münberiniň iň ýokary gatyna çykmagy başardylar.
Adaty karate boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň IV 15 döwletden 500-den gowrak türgen gatnaşdy.