Talyplaryň ýürek buýsanjy

Awgust aýynyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary geçirildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda okadylýan hünärler boýunça geçen ýyllaryň dowamynda sportuň dürli görnüşleri boýunça döwlet we halkara derejesinde geçirilen ýaryşlarda, çempionatlarda tapawutlanan ýaşlaryň bir topary giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, talyp adyna eýe boldular.
Biz şol ýaşlaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Amanmuhammet HOMMADOW,
Küşt boýunça milli ýygyndy toparyň agzasy, sport ussatlygyna dalaşgär, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby:
— Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bolmagymy ömrümiň iň bagtyýar pursady diýip hasap edýärin. Bu bagtyýar pursatlar üçin biz — ýaşlar üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden alkyşly sözlerimi beýan edýärin.
Men 9 ýaşymdan bäri küşt boýunça türgenleşiklere gatnaşyp başladym. 2022-nji ýylda Gruziýa Respublikasynda ýetginjekleriň arasynda geçirilen Dünýä çempionatyna, 2023-nji ýylda Şri-Lanka döwletinde 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatyna gatnaşdym. 2023-nji ýylda Özbegistan Respublikasynda 17 ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ýaryşda altyn medal gazanyp, sport ussatlygyna dalaşgäriň kadasyny doldurdym. Ýene-de şol ýylda Özbegistan Respublikasynda geçirilen ýaryşda bürünç medala eýe boldum. Türkmenistanyň üç gezek çempiony.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bolmak bilen, men saýlan ugrum boýunça ýene-de abraýly halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, döwletimiziň ýaşyl Tuguny belentde parlatmaga goşandymy goşaryn diýip ynandyrýaryn.

 Selim NOWRUZOW,
Uşu boýunça milli ýygyndy toparyň agzasy, sport ussatlygyna dalaşgär, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby:
— Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen täze tapgyrlarda ösdürilýän döwletimiziň sport syýasaty öz güýjüne ynanýan, öz ukyby, zehini, başarnygy bilen milli sportumyzyň abraýyna goşant goşmagy kalbynda besleýän bagtyýar ýaşlarymyzyň hiç birini biperwaý goýmaýar.
Men hem çagalygymdan höwes edip gelýän ugrum bolan uşu boýunça yzygiderli türgenleşiklere gatnaşyp, ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirilen ýaryşlarda, çempionatlarda yzygiderli çykyş etdim. 2018-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda 2-nji orny eýeledim. 2022-nji ýylda Indoneziýa döwletinde geçirilen dünýä çempionatyna, 2023-nji ýylda Özbegistan Respublikasynda geçirilen Aziýa çempionatyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdim. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň çempionatynda çykyş edip, 2-nji orna mynasyp boldum. Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bolmagym meniň buýsançly başymy ýene-de bir mertebe belende göterdi. Bu ýerde okap aljak bilimim, özleşdirjek ussatlyk endiklerim maňa abraýly halkara ýaryşlarynda çykyş edip, döwletimiziň mukaddes ýaşyl Tuguny asmanda parlatmaga ýardam berer diýip ynanýan.
Biz — ýaşlara okamaga, bilimleriň esaslaryny ele alyp, öz kärinden ezber baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn.

Beglimuhammet BEKMYRADOW,
«Ahal» futbol toparynyň türgeni, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl  talyby:
— Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bolmagym meniň üçin geljekde özümden has-da talaby güýçlendirmegime, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz — ýaşlara bildirýän belent ynamlaryny ödemekde özümde has-da çuňňur jogapkärçilik duýmagyma esas berdi.
Men öz hünär ýolumy futbola bagladym. 12 ýyl bäri şu ugurda türgenleşip we çykyş edip gelýärin. Esasy çykyş eden toparym «Ahal» futbol topary. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda geçirilen ýaryşlarda toparymyz 1-nji orna mynasyp boldy. 2022-nji ýylda U17 ýaryşyna, 2024-nji ýylda Özbegistanda, Täjigistanda, Gyrgyz Respublikasynda, Eýranda we Türkmenistanda geçirilen futbol ýaryşlaryna gatnaşdym.
Üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň sentýabr aýynda U20 Ýaşlar toparynyň düzüminde çykyş edýärin.
Bize okamaga, türgenleşmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda üstünlik arzuw edýärin.

Gülälek KAKAMYRADOWA,
Agyr atletika boýunça  milli ýygyndy toparyň agzasy, sport ussatlygyna dalaşgär, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby: 
— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyl meniň üçinem şatlykly, çagalykdan eden arzuwlarymyň wysalyna gowşan ýyl boldy. Men Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby boldum.
Saýlan ugrum bolan agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparymyzyň düzüminde çykyş edip, 2022-nji ýylda Özbegistan Respublikasynda geçirilen Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda öz agram derejämde 3-nji orna, 2023-nji ýylda Hindistan Respublikasynda geçirilen Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda 2-nji orna, şeýle-de şol ýylda Albaniýa döwletinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 3-nji orna mynasyp boldum.
Men öz durmuşymda ýeten şeýle belent derejelerim üçin biz — ýaşlara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimden alkyş aýdýaryn hem-de özüme bildirilen şeýle belent ynamy ýokary hilli bilim almagym we kämil türgenleşiklerim, Watanymyzyň hatyrasyna ynamly sport ýeňişlerim bilen ödärin diýip ynandyrýaryn.

Kemal KAKABAÝEW,
Grek-rim göreşi boýunça milli ýygyndy toparyň agzasy, sport  ussatlygyna dalaşgär, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby:
— Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bolmak çagalyk arzuwymdy. Arzuwlaryň wysal bolýan ýurdy eziz Watanymyzda men hem bu arzuwyma ýetdim. Şu bagtyýar pursatlara çenli grek-rim göreşi boýunça 2022-nji ýylda 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda, 2023-nji ýylda 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatlarynda, şeýle hem 2024-nji ýylda geçirilen grek-rim göreşi boýunça spartakiadada Türkmenistanyň çempiony bolmak miýesser etdi. Şeýle-de 2023-2024-nji ýyllaryň dowamynda Türkiýe Respublikasy, Tailand, Rumyniýa ýaly ýurtlarda geçirilen dünýä çempionatlarynda we halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etdim.
Öz ugrumdan ýurdumyzda sport ugrundan ýeke-täk okuw mekdebiniň talyby bolmagym mähriban Watanymyzyň sport abraýyny mundan beýläk ösdürmekde wajyp bolan ylmy-usuly bilimlerimi artdyrmakda, beden taýdan has-da taplanmagymda ýardam berer diýip ynanýan.
Biz — ýaşlara okamaga, türgenleşmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda hemişe üstünlik arzuw edýärin.

Allan MUHYÝEW,
Şaýbaly hokkeý boýunça milli ýygyndy toparyň agzasy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby:
— Men şaýbaly hokkeý boýunça «Şir» hokkeý klubunda türgenleşdim, şeýle hem milli ýygyndy toparymyzyň düzüminde çykyş etdim. 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň iň ökde goragçysy» diýen ada hem mynasyp boldum. 2023-nji ýylda Mongoliýa Respublikasynda geçirilen U18 we Aziýa we Ýuwaş ummany ýurtlarynyň çempionatynda kümüş medala, 2024-nji ýylda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýpdawund şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda hem kümüş medala mynasyp boldum.
Şu ýyl meniň durmuşymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Özüme bildirilen bu belent ynamy sapaklara we türgenleşiklere ýokary hilli ýetişigim, geljekde gatnaşjak halkara ýaryşlarymyzda gazanjak belent netijelerim bilen ödärin diýip, ähli ildeşlerimizi ynandyrýaryn.
Bize okamaga, türgenleşmäge, halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmaga giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize uzak ömür, jan saglyk arzuw edýärin.

Suratlara düşüren Ilaman Çüriýew,  Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47