Halkara sport ýaryşlarynyň türkmenistanly medalçylary täze okuw ýylynda talyplyk dünýäsine girişerler





     Halkara derejeli ýaryşlarda medallara mynasyp bolan türgenleriň birnäçesi bosagada duran okuw ýylynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary boldular.

     «Türkmenistan: Sport» halkara žurnalynyň «7/24» hepdelik neşiriniň habar bermegine görä, şu ýyl talyplyk dünýäsine gadam goýanlaryň hatarynda zehinli küştçi, halkara ýaryşlaryň ençemesiniň çempiony Amanmuhammet Hommadow, uşu boýunça Aziýanyň wise-çempiony Selim Nowruzow, «Ahal» futbol toparynyň futbolçysy Beglimuhammet Bekmyradow, agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi Gülälek Kakamyradowa, grek-rim göreşi boýunça Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony Kemal Kakabaýew, hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň agzasy Allan Muhyýew we beýlekiler bar.

    Şeýle hem şu ýyl sport äleminde öz adyny ýygy-ýygydan tutdurýan türgenleriň käbiri Türkmenistanyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň hem talyplary boldular. Olardan meşhur lebaply küştçi gyz Lala Şöhradowanyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okap başlajakdygyny aýratyn nygtamak isleýäris.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47