Ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň ak ýolundan ynamly öňe barýan Watanymyzda bilim özgertmeleri dabaralanýar» atly ylmy-amaly maslahat 2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda geçirildi.
Umumy mejlisde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýew, şeýle-de TDBSI-niň sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň dosenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Jumadurdy Sopyýew, TDBSI-niň bedenterbiýäniň, sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Tawus Meredowa, TDBSI-niň bedenterbiýäniň, sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Nurmuhammet Ataýew, TDBSI-niň sport hünäriniň 1-nji ýyl talyby, kuraş boýunça dünýä çempiony Sabina Kadyrowa, TDBSI-niň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Ilaman Çüriýew çykyş etdi.
Soňra «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň ak ýolundan ynamly öňe barýan Watanymyzda bilim özgertmeleri dabaralanýar» atly ylmy-amaly maslahat bölümlerde dowam etdi. 1-nji bölüm «Sport dünýäsiniň bilim ojagy», 2-nji bölüm «Bilim ösen jemgyýetiň binýadydyr», 3-nji bölüm «Halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmakda sportuň orny» diýip atlandyrylyp, çykyş edenler degişli şygarlar boýunça alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler.
Maslahatyň ahyrynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» çeper höwesjeňler toparynyň (jogapkär: uly mugallym Baýrambibi Gaýlyýewa) aýdym-sazly edebi çykyşyna tomaşa edildi.
Orazbibi HAJYAMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.