Täze okuw ýyly mynasybetli dabaralar
Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrýan Bilimler we talyp ýaşlar güni baýramçylyga beslenip, bu barada ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde kakylan jaňlar mälim etdi. Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçirildi. Ol Garaşsyzlygyň 33 ýylynyň dowamynda gazanylan üstünliklere, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin döredilýän giň mümkinçiliklere bagyşlandy.2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ir säher bilen Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepde Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabaralary geçirildi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde baýramçylyk çäreleri guraldy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hem Bilimler we talyp ýaşlar güni baýramçylyk çäresi geçirilip, ol Türkmenistan Watanymyzyň ähli künjeklerinde guralýan dabaralaryň dowamy boldy. Türkmen sportunyň abraýyny mynasyp gorajak ussat türgenleri we sport ulgamynda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak paýyna düşen ýaşlar üçin bu dabara has-da ýatdagalyjy boldy.
2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň çäginde bilim ojaklarynyň birnäçesi ulanylmaga berildi.
Mämmetsähet MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport
žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport
žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.