Ilkinji sapak

Ata Watanymyz Türkmenistanda 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ilkinji sapaklar geçirildi. Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyryldy. 
Ilkinji okuw sapaklary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň dowamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanyp, okuwçylara we talyplara esasanam, bilim ulgamynda ýetilen belent sepgitler hakynda giňişleýin gürrüň berildi.  
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hem ilkinji okuw sapaklary guraldy. Bu ýerde Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralarynyň dowamy bolan ilkinji sapaklar guramaçylykly häsiýete eýe boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda belleniljek baş baýramymyza sowgatly barmagy maksat edinýän talyp türgenleriň we sport ulgamynyň geljekki hünärmenleri bolmaly talyp ýaşlaryň öňünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada sapak geçildi.
Milli senenamamyzda mynasyp orun alan Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki bilim edaralarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen at bilen ilkinji sapaklar guraldy.  

 Orazbibi HAJYAMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport  institutynyň sport
 žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport 
žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.


Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47