Bedenterbiýe we sport — kämillige badalga

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak, türgenleri, tälimçileri, beýleki degişli hünärmenleri hemmetaraplaýyn goldamak üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli dowam etdirilýär. Bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de özara tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär. Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşmaklary hem-de üstünlik gazanmaklary Türkmenistanyň sport babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridir.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty eziz Diýarymyzyň ençeme nesillerine bedenterbiýe we sport ugrundan bilim-terbiýe berip, ussat bedenterbiýe mugallymlarynyň, sportuň görnüşleri boýunça tälimçileriň müňlerçesini ýetişdirdi. Ýokary okuw mekdebinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň sport abraýyna mynasyp goşant goşýan, halkara ýaryşlarda Watanymyzyň baýdagyny belentde parladýan ezber türgenleriň ençemesi kemala geldi.
Bedenterbiýe we sport, sportuň ykdysadyýeti we dolandyryşy, sport psihologiýasy ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna ukyply, gujurly, erjel hem zehinli ýaşlary saýlap-seçip almak işi şu ýyl hem guramaçylykly alnyp baryldy. Institutyň professor-mugallymlary Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän sport mekdeplerinde, orta mekdeplerde, edara-kärhanalarda, harby bölümlerde bolup, ýerlerdäki sport guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ýokary okuw mekdebi, onda okadylýan ugurlar barada hünäre ugrukdyryş işleriniň uly toplumyny yzygiderli geçirdiler.
Institutyň üç fakultetinde ýokary derejeli mugallymlar, milli we halkara derejeli eminler, sport ussatlary we Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri talyplara sportuň 46 görnüşi boýunça bilim-terbiýe berýärler. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň täze binalar toplumynyň sportuň Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän görnüşlerinden ussat olimpiýaçylary häzirki döwrüň ösen ylmy esaslaryna daýanyp taýýarlamagyň iň kämil ülňüleri boýunça bina edilendigi aýratyn bellärliklidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasaty netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde diňe bir ykdysadyýeti depginli ösýän kuwwatly döwlet hökmünde däl-de, eýsem, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde hem ykrar edilmegine esas bolýar. Şu ýyl bedenterbiýe we sport ugry boýunça talyplygyň hataryna kabul edilenleriň arasynda halkara derejeli sport ussady, sport ussady, sport ussatlygyna dalaşgärler bar. Şeýle hem talyplygyň hataryna kabul edilenleriň arasynda welaýat, ýurt we halkara derejeli sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň we naýbaşy klublarynyň agzalarynyň, sport mekdebiniň uçurymlarynyň köp sanlysynyň bardygyny bellemek gerek. Olaryň arasynda geçen ýylyň noýabrynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda birinji orna, altyn medala mynasyp bolan Sabina Kadyrowanyň, 2023-nji ýylda Meksikada Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ikinji orna mynasyp bolan Perhat Bagtyýarowyň, 2024-nji ýylda Özbegistanda geçirilen agyr atletika boýunça Merkezi Aziýanyň açyk çempionatynda ikinji orna mynasyp bolan Mähriban Täçmyradowanyň, şu ýyl Malaýziýada geçirilen taekwondo boýunça halkara ýaryşda üçünji orna mynasyp bolan Abdylla Meredowyň atlaryny buýsanç bilen belläsimiz gelýär.
Sportda ezber türgenleri saýlap-seçmek, berk bedenli we ruhy taýdan kämil şahsyýet edip ýetişdirmek, halkara derejede geçiriljek abraýly ýaryşlara türgenleriň taýýarlyklaryny ulgamlaýyn hem-de dowamly kämilleşdirmek maksady bilen, sportuň görnüşleri boýunça geçirilen dürli derejeli halkara ýaryşlara, döwlet hem-de welaýat, şäher derejesindäki ýaryşlara, çempionatlara, kubok ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelän, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary bolan dalaşgär türgenleriň görkezen netijeleri düýpli seljerilip, talyplyga kabul edilmek üçin artykmaçlyk hökmünde seredildi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň çuňňur bilimli, giň gözýetimli, zehinli, Watana, halka wepaly, ruhubelent, maksada okgunly, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly ähmiýet berilýär. Beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösýän, sagdyn, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

“Türkmenistan” gazeti: 06.09.2024.


 

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47