Däbe öwrülen biraýlyk

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dowam edýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilip durulýar. Şeýle duşuşyklaryň biri Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda geçirildi.  
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda guralan duşuşyga Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň jogapkär işgärleri gatnaşdylar. 
Şol duşuşykda kanun bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek, ýaramaz endikleriň täsirlerinden halas bolmak, ýangyn howply ýagdaýlaryň döremek howpuny aradan aýyrmak hakynda gürrüň edildi. Şeýle-de, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek, ýaşlaryň zyýanly endiklerden saplanmaklaryny gazanmak  maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.

Parahat MÄMMETNUROW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport  institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby. 

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47