Ylmy ýygyndy neşir edildi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp taýýarlanylan  «Sagdynlyk  we  ruhubelentlik  –  döwrüň  şygary,  äleme  nusgadyr dana Pyragy» atly ylmy-amaly maslahatyň makalalar ýygyndysy resmi neşir edildi. Ylmy ýygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň, ylym-bilim edaralarynyň ylmy işgärleriniň, hünärmenleriniň taýýarlan ylmy makalalary girizildi.
Berkarar  döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy  döwründe  Magtymguly Pyragynyň  döredijiliginde  sagdyn  durmuş  ýörelgeleriniň,  adamyň  hereketde bolmagynyň,    zähmetsöýerligiň  peýdalarynyň,  türkmeniň  döwletlilik  ýörelgeleriniň öwrenilişi, türgenleri taýýarlamakda, ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemekde ussat şahyryň öňe süren pikirleriniň, çuňňur manyly goşgularynyň ähmiýetini  beýan  edýän  ylmy  makalalar  ýokary  okuw  mekdepleriniň mugallymlaryna,  talyplaryna,  sport  tälimçilerine,  hünärmenlerine  we  türgenlere, şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

www.tdbsi.edu.tm

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47