Sport ulgamynyň wekilleri halkara forumda
Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergi geçirilýär.
Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de, maslahata türkmen tarapyndan ministrlikleriň, şol sanda sport ulgamynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara sergisiniň işine döwlet düzümleri gatnaşyp, ýurdumyzyň 50-den gowrak hususy kompaniýalary öz pawilýonlaryny sergide ýaýbaňlandyrdylar.
«Ýyldyz» myhmanhasynda guralýan Türkmenistanyň maýa goýum forumyna türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, şeýle-de sport ulgamynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Halkara çäresiniň resmi açylyş dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen ýüzlendi. Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
www.tdbsi.edu.tm