Sport ulgamynda sanly tehnologiýalar

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersiteti «Smart Sport and Tourism: bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk pudaklarynda sanly üýtgeşmeler» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Guramaçylar Russiýanyň 14 sebitinden, şeýle-de ABŞ-dan we goňşy ýurtlardan: azerbaýjanly, täjigistanly, türkmenistanly, türkiýeli alymlardan we hünärmenlerden 60-dan gowrak ylmy makalalary kabul etdiler. Umumy mejlis we bölümler gyzykly pikirlere baý boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleri 2024-2025-nji okuw ýylynda täze açylan sportuň innowasion ugurly fijital görnüşi, şeýle hem «Olimp» ylmy-usuly merkezinde alnyp barylýan ylmy barlaglar boýunça ylmy makalalary taýýarladylar. 
Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersiteti bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2023-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýändigini ýatladýarys. Şol senede ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama baglanyşyldy.

www.tdbsi.edu.tm

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47