Talyplar sport ýaryşlarynda mynasyp çykyş edýärler

 Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde guralan Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlaryna gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň birnäçesi çykyş etdi. Olar alyş göreşinde, gazak göreşinde, kuraş göreşinde Türkmenistanyň sport abraýyny goramaga mümkinçilik aldylar. 
Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynda Türkmenistan Watanymyza wekilçilik eden talyp türgenleriň arasynda has netijeli çykyş edeni Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby Annagurban Allaberdiýew boldy. Ol alyş göreşi boýunça 90 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medal gazanmagy başardy. Ildeşimiz finalda özbegistanly Husnidin Ruziýewden 10:4 hasabynda üstün çykdy. 
Türkmenistanly talyp ýigidiň sportuň alyş göreşi görnüşinde gazanan üstünliginde onuň tälimçileriniň, şol sanda Türkmenistanyň Guşakly göreş görnüşleri federasiýasynyň başlygy Şöhrat Mämmedowyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň göreş görnüşleri kafedrasynyň uly mugallymy Nuraly Lollykowyň mynasyp paýy bardyr. 
Ýokary okuw mekdebinde bilim alýan döwründe sportuň görnüşleri bilen professional derejede meşgullanyp, ýurdumyzyň sportda gazanýan üstünliklerine mynasyp goşandyny goşup ýören türkmenistanly talyplar iri ýaryşlaryň ençemesinde ýaşyl tugumyzy belentde parladypdylar. 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda şol wagt Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda okap ýören Ýulduz Jumabaýewa altyn medal gazanypdy. Tokio Olimpiadasynda kümüş medal gazanan Polina Gurýewa hem bu üstünligine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby wagty ýetipdi. 
Orazbibi HAJYAMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.


Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47