Okuw maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Milli Talyplar sport federasiýasy bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 13-23-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramy we Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň ýurdy bolan Watanymyzda talyplar sporty ösüş ýolunda» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriniň meýilnamasy taýýarlanyldy.
Meýilnama boýunça ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe we sport işlerini kämilleşdirmek hem-de ýaşlaryň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak barada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sport klublarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Talyplar sport federasiýasynyň meýilnamasyna girizilen ýaryşlaryň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramy hem-de 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) we Halkara talyplar sport federasiýasy (FISU) tarapyndan esaslandyrylan Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek sport ýaryşlary uly ruhubelentlige beslener.
Parahat MÄMMETNUROW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.