Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli dabaralar

 Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, sport diplomatiýasy we halkara sport gatnaşyklary giňden ösdürilýär. Halkara giňişliginde dostlukly gatnaşyklaryň ilçisi bolan sport diplomatiýasy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda iri halkara derejesindäki sport guramalary, federasiýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi baradaky hoş habar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramy we Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) we Halkara talyplar sport federasiýasy (FISU) tarapyndan esaslandyrylan Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň ýurdy bolan Watanymyzda talyplar sporty ösüş ýolunda» atly sport çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe we sport işlerini kämilleşdirmek hem-de ýaşlaryň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak barada sport klublaryň gatnaşmagynda okuw maslahatyny, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň woleýbol, basketbol, futzal görnüşleri boýunça ýaryşlary, şeýle-de onuň çäklerinde ylmy-amaly maslahatyny öz içine alýan çäreler uly ruhubelentlige beslendi.
Sport çäresine gatnaşanlar Watanymyzy we halkymyzy agzybirlikde rowana ak ýollar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyza,  Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Orazbibi HAJYAMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
 Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.  

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47