Talyplar Türkmen halysynyň milli muzeýinde

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň guramagynda talyp gyzlaryň gatnaşmagynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç guraldy.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak we wagyz etmek hem-de ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilen türkmen halysynyň dünýä mirasyndaky ornuny dabaralandyrmak, nesilden-nesle geçip gelýän halyçylyk sungatyny ýaş nesillerimize ýetirmek maksady bilen guralan gezelenç talyplarda ýakymly täsir galdyrdy. 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyp gyzlary türkmen halylarynyň milli gymmatlyk hökmündäki ähmiýeti hakynda öz pikirlerini dile getirip, güllerden görk alan ajaýyp halylarymyza bolan buýsançlaryny beýan etdiler.
Läle ANNAMYRADOWA, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.   
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47