Talyp türgenler hormat münberine çykdylar
Makaoda (Hytaý) uşu boýunça Aziýanyň 10-njy çempionaty geçirildi. Bu çempionata 20 töweregi döwletden 300-den gowrak türgen gatnaşdy.
Uşu boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgenleri hem medallar ugrunda göreş alyp bardylar. Olaryň arasynda Göwher Gowşudowa bilen Mähriban Agaýewa has netijeli çykyş etdi. Talyp türgenlerimiz yklymyň iň saýlama uşuçylarynyň arasyndaky bäsleşikde bürünç medal gazanyp, hormat münberine çykmagy başardylar.
Umumytoparlaýyn ýaryşda Hytaýyň ýygyndysy 1-nji orny eýeledi. Olar 18 altyn, 1 kümüş, 3 bürünç medal gazandylar. 2-nji orna Eýranyň ýygyndysy mynasyp boldy. Olar ýaryşy 7 altyn, 3 kümüş, 5 bürünç medal bilen tamamladylar. Malaýziýanyň ýygyndysy bolsa 3 altyn, 4 kümüş, 3 bürünç medal gazanyp, 3-nji orna düşdi.
Mämmetsähet MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport žurnalisrikasy hünäriniň 1-nj iýyl talyby.