«Sport diplomatiýasy parahatçylygyň dialogydyr» atly maslahat
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramy we Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) we Halkara Talyplar sport federasiýasy (FISU) tarapyndan esaslandyrylan Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli «Sport diplomatiýasy parahatçylygyň dialogydyr» atly maslahat geçirildi.
Maslahatda ÝUNESKO-nyň Sport bölüminiň başlygy jenap Filip Müller-Wirtiň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly ÝUNESKO-nyň dünýäde sporty ösdürmek bilen bagly alyp barýan işleri barada täsirli çykyşy oňa gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasynda alnyp barylýan işleriň netijeli hyzmatdaşlyklara giň ýol açýandygy bellenilip geçildi. Jenap Filip Müller-Wirtiň çykyşy maslahata gatnaşýanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Soňra maslahat öz işini bölümçelerde dowam etdi. «Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi – halklaryň arasynda dostlugyň we özara düşünişmegiň dabaralanmasy», «Parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine sport diplomatiýasyny ilerledip», «Sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň ýurdy bolan Watanymyzda talyplar sporty ösüş ýolunda» atly bölümlerde hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dünýäde sport diplomatiýasyny dabaralandyrmakda, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekde alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýeti nygtalyp geçildi.
Daýanç TAGYŞOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.