Ýeňijileri sylaglamak dabarasy
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Milli Talyplar sporty federasiýasy bilen bilelikde gurnamagynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramy we Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda ýaryş geçirildi.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-sinden müňe golaý talybyň gatnaşmagynda guralan ýaryşlarda talyplar sportuň woleýbol, basketbol, futzal görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramyna we BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) we Halkara Talyplar sport federasiýasy (FISU) tarapyndan esaslandyrylan Talyplar sportunyň halkara gününe bagyşlanan bäsleşigiň jemi boýunça ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu dabarasy şowhunly häsiýete eýe bolup, oňa gatnaşanlar özleriniň ýürek buýsançlaryny beýän edip, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.
Parahat MÄMMETNUROW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.