Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli «Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygy milli sportuň ösüşleriniň gözbaşydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.  
Umumy mejlisde  Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bölüm müdiri  Hydyr Myradowyň, TDBSI-niň bedenterbiýäniň, sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Nurmuhammet Ataýewiň, TDBSI-niň diller kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Oguljennet Jumalyýewanyň, TDBSI-niň sportuň gyşky we suw görnüşleri kafedrasynyň uly mugallymy Hemra Nurmyradowyň, TDBSI-niň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Daýanç Tagyşowyň çykyşlary diňlenildi. 
Soňra maslahat bölümlerde dowam etdi.  I bölüm «Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly ösüşleri», II bölüm «Garaşsyz diýarymyzda bedenterbiýe we sportda ýetilen sepgitler», III bölüm «Garaşsyzlyk türkmen halkynyň röwşen geljegidir» diýip atlandyryldy. 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» çeper höwesjeňler toparynyň aýdym-sazly edebi çykyşy maslahata gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. 
Orazbibi HAJYAMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby. 

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47