Talyplar ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň medallaryny gazandylar

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şahzadbek Matýakubow Ispaniýada geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda 102 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, ştangany itekläp götermekde dünýä rekordyny (ýetginjekleriň arasynda) täzeledi. Bu barada Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) metbugat gullugy habar berdi.
20 ýaşly türkmen türgeni ştangany itekläp götermekde 216 kilogram agyrlyga eýgerip, ýetginjekleriň arasyndaky ozalky dünýä rekordyndan 1 kilogram ýokary netije görkezdi. Ozalky rekord hem şu gezekki dünýä çempionatynyň dowamynda braziliýaly türgen tarapyndan goýlupdy.
Şahzadbek Matýakubow iki görnüşiň jemi boýunça 391 kilogram (175+216) netije bilen dünýä çempionatynyň altyn medalyna mynasyp boldy.
Dünýä çempionatynyň ilkinji günlerinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Anamjan Rustamowa 81 kilograma çenli agram derejede kiçi bürünç medala mynasyp bolupdy.
2024-nji ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary halkara ýaryşlarynyň 27-sine gatnaşyp, jemi 78 medal gazandylar. Şolaryň 29-sy altyn, 23-si kümüş, 26-sy bürünç medallardyr.
Parahat MÄMMETNUROW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47