Dabaraly maslahat
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli «Ýaşulular guwanýar bu Diýara, Gahryman Arkadaga, Arkadagly Gahryman Serdara» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Dabarany Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýäniň, sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Nurmuhammet Ataýew alyp bardy.
Dabaraly maslahata ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» Hangeldi Baýramow, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Ogultäç Babaýewa, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Turana Gurbanowa çykyş etdi.
Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli geçirilen maslahatyň dowamynda «Sagdyn nesiller» aýdym-saz topary çykyş etdi.
Orazbibi HAJYAMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.