Halkara ylmy maslahatyň «Sport ulgamynda innowasion tehnologiýalar» atly ХVI bölümi

«Sport ulgamynda innowasion tehnologiýalar» atly ХVI bölümiň işi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda geçirilip, ol Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ylym-bilim we sport ulgamynda häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň öňdebaryjy halkara tejribesine, sagdyn nesli kemala getirmekde bilimde we sportda gazanylýan üstünliklere bagyşlanyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamy uly ösüşleri başdan geçirýär. Dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, häzirki zaman tejribeleri işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Halkara ylmy maslahatyň wezipesi dünýäde ylym-bilim, bedenterbiýe we sport ulgamlaryny ösdürmäge ýardam bermekden hem-de 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anželes şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa hem-de XVIII Paralimpiýa oýunlaryna ygtybarly taýýarlamakdan, bu ugurda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylyşyny giňeltmekden, sport-sagaldyş hereketiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýän peýdaly usullary bu ulgamlara ornaşdyrmakdan ybaratdyr. 
Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar bölümiň işi başlamazdan ozal Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralan, talyp türgenleriň sportda gazanan üstünliklerini görkezýän sergä aýlandylar. Şeýle hem institutyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň «Olimp» ylmy-usuly merkezinde sport ulgamynda ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň guralyşy we onuň türgenlerimiziň kämilleşmeklerine ýetirýän anyk netijeleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Russiýa Federasiýasynyň Federal ylmy-kliniki merkeziniň sport lukmançylygy we dikeldiş agentliginiň wekilleri bilen «Olimp» ylmy-usuly merkeziniň alyp barýan işlerini halkara tejribesiniň gazananlary esasynda has-da kämilleşdirmek boýunça işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bölümde Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Russiýa Federal Tehniki Gözegçilik merkeziniň lukmançylyk we biologiki goldaw meseleleri boýunça hem-de «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş müdiriniň geňeşçisi, sport ussady, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Ýelena Ýaşina Romanownanyň, «Belarus Respublikan ylmy we amaly sport merkezi» Döwlet edarasynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Nelýa Iwanowa Wiktorownanyň, Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň wekili, Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynyň tälimçiler mekdebiniň ýolbaşçysy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, professor Mihail Şepetýuk Nikolaýewiçiň, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Türkmenistanyň ussat tälimçisi, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk kompaniýasynyň direktory Katerina-Irena Ýakobyň çykyşlary wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly diňlenildi we çykyş eden hormatly myhmanlar halkara maslahatyň ХVI bölüminiň işine gatnaşyjylaryň özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap berdiler. Özbegistan Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, şeýle hem türkmen alymlarynyň, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamynda ylmy-barlag işlerini alyp baryjy hünärmenleriň, tälimçileriň, professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň çykyşlary diňlenildi.
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň «Sport ulgamynda innowasion tehnologiýalar» atly ХVI bölümine gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowa, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Hökümetine, Guramaçylyk toparyna döredilen giň mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47