Halkara ylmy maslahatyň ХVIII bölümi
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň «Sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek we ilatyň fiziki işjeňligini ösdürmek» atly ХVIII bölüminiň işi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler otagynda geçirildi. Halkara ylmy maslahatynyň ХVIII bölüminde çykyş eden alymlar dünýäde hem-de Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň öňdebaryjy halkara tejribesine, sagdyn nesli kemala getirmekde bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda gazanylýan üstünliklere, ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemegiň we ilatyň fiziki işjeňligini ösdürmegiň ylmy esaslary hakynda belläp geçdiler. Döwrebap şertler, giň mümkinçilikler ýaşlaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösmegine, watançylyk ruhunda terbiýelenilmegine, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam berýär. Şu maksat bilen, ýurdumyzda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy tassyklanyldy.
Bölümde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetiniň» arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama» esasynda bedenterbiýe we sport ulgamynda ylym-bilim babatda halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek, tejribe öwrenmek boýunça bu abraýly ýokary okuw mekdebiniň wekilleri wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly bu maslahatda çykyş etdiler. Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetiniň professor-mugallymy, bilim pedagogikasy we bilimi sanlaşdyrmak laboratoriýasynyň uly ylmy gözlegçisi, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Kas Aleksandra Semýonownanyň, bu ýokary okuw mekdebiniň bedenterbiýäniň, sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň dosenti, professor, pedagogika ylymlarynyň doktory Fonarew Dmitriý Wladimirowiçiň we onuň ylmy ýolbaşçylygynda Gazimowa Regina Ilşatownanyň, maglumat ulgamlary we fijital sport kafedrasynyň magistranty Ahmetowa Alsu Aýdarownanyň ylmy çykyşlarynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi» şygarynyň sport ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bedenterbiýe işjeňliginiň ösmegine ýetirýän täsirine, Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetiniň toplumlaýyn sport mekdebine gatnaşýan ýaşlaryň sport zehininiň derňewiniň hem-de ritmiki gimnastikanyň mysalynda sporta saýlamagyň tehnologiýasynyň ugurlary dogrusynda giňişleýin beýan edildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleri bilen häzirki zaman ýaşlarynyň esasy gyzyklanmalarynyň biri bolan we 2024-2025-nji okuw ýylynda täze açylan sportuň innowasion ugurly fijital görnüşi boýunça tejribeler paýlaşyldy. Bu ugurlarda ylmy-barlag işlerini hereket edýän Ähtnama esasynda bilelikde alyp barmak teklip edildi.
Çykyşlar, esasan, sport ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňişleýin we netijeli peýdalanmakda gazanylan halkara tejribelerini durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirildi. Çykyşlaryň ählisinde sport lukmançylygy, sport psihologiýasy ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini we ilatyň fiziki işjeňligini ösdürmek, sport we bedenterbiýe ulgamyna häzirki zamanyň iň döwrebap tehnologiýalarynyň we innowasiýalaryň ýetirýän täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de seljerildi.
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatynyň «Sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek we ilatyň fiziki işjeňligini ösdürmek» atly ХVIII bölümine gatnaşyjylar halkara ylmy maslahatyň bölüminde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Belent Mertebeli Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowa, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Hökümetine, Guramaçylyk toparyna döredilen giň mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty.