Halkara ylmy maslahatyň çäginde geçirilen duşuşyk
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda kýokuşinkaý karate boýunça Halkara Ýewraziýa guramasynyň ýolbaşçysy Täjimurat Naýzabekowyň, Gazagystan Respublikasynyň kýokuşinkaý karate görnüşi boýunça uly tälimçisi we milli ýygyndy toparynyň agzasy, 2024-nji ýylda dünýä we Aziýa çempiony Timur Raýymbekowyň, Özbek döwlet bedenterbiýe we sport uniwersitetiniň sport psihologiýasy we pedagogikasy kafedrasynyň müdiri, pedagogika ylymlarynyň doktory Žawlon Iştaýewiň, Russiýa Federasiýasynyň Federal ylmy-kliniki merkeziniň sport lukmançylygy we dikeldiş agentliginiň direktory Andreý Žolinskiýniň, merkeziň müdiriniň bejeriş işi boýunça orunbasary Ýewgeniý Koşewoýyň, merkeziň guramaçylyk we gözleg bölüminiň müdiri Wladimir Feşenkonyň, Tomsk milli gözleg döwlet uniwersitetiniň zehinler we işe ugrukdyrmak bölümiň bilim we usulyýet işi boýunça hünärmeni Wladislaw Goýkonyň, Týumen döwlet uniwersitetiniň GDA ýurtlaryndan daşary ýurtly talyplary kabul etmek we goldamak bölüminiň müdiri Nadežda Hakimowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň ýaý atmak boýunça zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Galina Şadrinanyň gatnaşmagynda ylym-bilim, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi.
Russiýa Federasiýasynyň Federal ylmy-kliniki merkeziniň sport lukmançylygy we dikeldiş agentliginiň wekilleri bilen «Olimp» ylmy-usuly merkeziniň alyp barýan işlerini halkara tejribesiniň gazananlary esasynda has-da kämilleşdirmek boýunça işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sport ulgamynda ylmy-pedagogiki işgärleri taýýarlamak, ylmy we tehniki mümkinçilikleri doly göwrüminde ulanmak, taraplaryň intellektual gorlary, bedenterbiýe we sport pudagynda wajyp meseleler boýunça bilelikdäki ylmy-derňew işlerini amala aşyrmak babatynda pikir alşyldy. Halkara ylmy maslahatyň çäklerinde geçirilen duşuşyklar netijeli häsiýete eýe boldy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty.