Kýokuşinkaý karate boýunça ussatlyk sapagy

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda kýokuşinkaý karate boýunça Halkara Ýewraziýa guramasynyň ýolbaşçysy Täjimurat Naýzabekowyň, Gazagystan Respublikasynyň kýokuşinkaý karate görnüşi boýunça uly tälimçisi we milli ýygyndy toparynyň agzasy, 2024-nji ýylda dünýä we Aziýa çempiony Timur Raýymbekowyň, Milli kýokuşinkaý karate merkeziniň ýolbaşçysy Atamyrat Hudaýberdiýewiň  gatnaşmagynda kýokuşinkaý karate boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Oňa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň tälimçi-mugallymlary we talyp türgenleri gatnaşdylar. Täsirli geçen ussatlyk sapagy halkara tejribesini özleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Sportuň bu görnüşi Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda meşhurdyr. Onuň aýratynlygy türgen gorag enjamlary bolmazdan doly aragatnaşykda dik duran ýagdaýda söweşýär. Koreý gelip çykyşly ýapon Masutasu Oýama tarapyndan esaslandyrylan kýokuşinkaý galtaşyk usulynyň berkligi bilen tapawutlanýar. Galtaşyksyz mekdepleriň köpüsinden tapawutlylykda, bu görnüş boýunça galtaşykly tutluşyklarda urgularyň hakyky güýji doly görkezilýär.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47