Sport psihologiýasy boýunça okuw

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Özbek döwlet bedenterbiýe we sport uniwersitetiniň sport psihologiýasy we pedagogikasy kafedrasynyň müdiri, pedagogika ylymlarynyň doktory Žawlon Iştaýewiň gatnaşmagynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Ýaş sport psihologlary» ylmy gurnagynyň talyplary bilen sport psihologiýasy boýunça okuw guraldy.
«Sportda psihotehnologiýalar» atly okuw sapagynyň dowamynda Özbek döwlet bedenterbiýe we sport uniwersitetiniň sport psihologiýasy we pedagogikasy kafedrasynyň bu ugurdaky tejribeleri paýlaşyldy. 
Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgul bolýan türgenleri okatmagyň we terbiýelemegiň psihologik mazmunyny öwrenýän bu ylmyň sport endikleriniň, başarjaňlygyň, sport ýaryşlaryna gatnaşyklarynda dogumlylyk, çydamlylyk ýaly sypatlaryň ýüze çykyşynyň dürli kanunalaýyklygyny açyp görkezýän häzirki zaman psihologik testleriň toplumy boýunça «Ýaş sport psihologlary» ylmy gurnagynyň agzalary bilen pikir alşyldy. Okuw sapagy oňa gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47