Täze ylmy ýygyndy

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan «Türkmenistan döwletimiz bagtyýar çagalaryň mekanydyr» atly ylmy-amaly maslahatyň makalalar ýygyndysy resmi neşir edildi. Bu ylmy ýygyndy ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, ylym-bilim edaralarynyň ylmy işgärleriniň, hünärmenleriniň ylmy makalalaryndan ybaratdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, täze innowasiýalar döwründe çagalary terbiýelemegiň we okatmagyň pedagogik-psihologik esaslaryny, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda ýetilen sepgitleri, çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä daşary ýurt dillerini öwretmegiň döwrebap usullaryny öz içine alýan ylmy makalalar ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, talyplaryna, hünärmenlerine, şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47