Täsirli geçen söhbetdeşlik

2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetinde “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň netijelerine bagyşlanyp tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik guraldy. Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlige institutyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşyp, ýurdumyzda sport ulgamynda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly syýasatyny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada buýsançly gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, talyp türgenlerimiziň halkara maslahata gelen professor-mugallymlar bilen geçen ussatlyk sapaklarynda alan maglumatlarynyň özlerinde galdyran täsirleri barada pikir alşyldy. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan asylly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Daýanç TAGYŞOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.


Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47