«Öndürijilikli pikirlenmek barlaghanasy» halkara maslahatynda

 «Öndürijilikli pikirlenmek barlaghanasy» atly talyplaryň ylmy gurnagy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan Aşgabatda guralan «Saglygy goraýyş, bilim, we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatynda Powolžýe uniwersitetiniň adyndan wekilçilik etdi.
— Maslahata uly höwes bilen gatnaşdym, hemme zat ýokary derejede guralypdyr. Çykyş edenler çuňňur hünärmenlik ukyplaryny görkezdiler — olaryň arasynda diňe talyplar däl-de, eýsem bedenterbiýe we sport ugrundan hünärmenler: ylymlaryň kandidatlary we doktorlary, mugallymlar, tälimçiler hem boldy. Maslahatyň çäklerinde bu pudagyň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, munuň özi hünär kämilligini ösdürmäge we diňe bir ýurduň däl-de, eýsem daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň hem tejribelerini öwrenmäge amatly mümkinçilikdir — diýip, talyplaryň ylmy gurnagynyň başlygy Regina Gazimowa teswirledi.
Maslahatda Powolžýe uniwersitetiniň adyndan Bedenterbiýäniň hem-de sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň professory Dmitriý Fonarýowyň ýolbaşçylygynda magistrant Alsu Ahmetowa we talyp Regina Gazimowa çykyş etdiler.
— Bu meniň halkara maslahatynda ilkinji çykyşym, çäräniň guramaçylygyndan we edilen çykyşlaryň derejesinden örän hoşal boldum. Gözlegleriň netijelerini şunuň ýaly ýokary derejede ýaýmaga hemişe şatdyryn. Maslahata gatnaşmagym netijesiz geçip gitmez, munuň özi kommunikatiw endikleri gowulandyrmagyň we ylmy gözlegleri özara alyşmagyň oňat täridir — diýip, Alsu Ahmetowa gürrüň berdi.

Selbi BÄŞIMOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47