«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildi çapdan çykdy. 2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda onuň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.  
Tanyşdyrylyş dabarasynda bu institutyň okuw işleri boýunça prorektory G.Sähedow, ylmy işler boýunça prorektory A.Gurbanmämmedow, Sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň müdiri O.Geldimyradowa, Sport tehnologiýalary we menejmenti kafedrasynyň müdiri J.Gurbanowa, Sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň dosenti J.Sopyýew, Diller kafedrasynyň müdiri O.Isenowa, Ýeňil we agyr atletika kafedrasynyň uly mugallymy N.Çarymow, Sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň uly mugallymy G.Ýalkabowa çykyş etdiler. Çykyşlarda köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginiň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýändigi nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de Türkmenistanda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitaby okyjylara lukmançylyk işine uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesidir däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň çykyşyna orun berlip, ol dabara gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Orazbibi HAJYAMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47