«Birleşen Arap Emirlikleri – Türkmenistan» fitnes oýunlary

19-njy oktýabrda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan «Birleşen Arap Emirlikleri – Türkmenistan» atly fitnes oýunlary geçirildi.
Oýunlar Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, şeýle hem «Al-Wathba» welosiped topary, «Maks Fit» we «Lotus» sport zallary bilen bilelikde guraldy.
Ikinji ýyl yzly-yzyna geçirilen ýaryşa jemi 40 topar (şol sanda erkeklerden düzülen 30 we zenanlardan düzülen 10 sany) gatnaşdy. Her topara üç türgen wekilçilik etdi.
Sport ýaryşlarynda paýtagtymyzyň iň uly sport klublaryndan, Türkmenistanyň Karate we Dzýudo federasiýalaryndan, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinden, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň, Kataryň, Liwiýanyň, ABŞ-nyň  türgenlerinden düzülen toparlar duşuşdylar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 2-nji ýyl talyplary Leýli Geldiýewa we Ýyldyz Muradowa ýaryşa gatnaşan toparlaryň düzüminde çykyş edip, baýrakly orna mynasyp boldular.
«Birleşen Arap Emirlikleri – Türkmenistan» fitnes oýunlary ajaýyp sport wakasyna öwrüldi. Ýaryşlar diňe bir oňa gatnaşyjylaryň beden taýdan sagdynlygyny görkezmek bilen çäklenmän, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hem mynasyp goşant goşdy.

https://www.newscentralasia.net/

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47