Kubok ýaryşy tamamlandy
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda talyp ýaşlaryň arasynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça «Talyp sport» klubunyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Onda işjeň çykyş eden «Olimp-4» topary ýeňiş gazandy. Ýaryşa fakultetleriň talyplaryndan düzülen jemi 17 topar gatnaşyp, 2-nji orna «Bedenterbiýe-2», 3-nji orna «Sport-1» toparlary mynasyp boldular.
Ýurdumyzda şeýle bäsleşikleriň, kubok ýaryşlarynyň, açyk birinjilikleriň geçirilip durulmagy talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta ugrukmakda möhüm çäreler bolup durýar. Şu gezekki geçirilen kubok ýaryşyna talyp ýaşlaryň arasyndan ýygyndy toparlara girmeýän sport türgenleriniň işjeň gatnaşandygyny bellemelidir. Bu hili höwesjeňler oýunlary talyp ýaşlaryň arasyndan ýurdumyzyň sport abraýyny gorap çykyş edýän ezber türgenleriň sanyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Agabaý AKMYRADOW.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyplary.