Küştçi talyplaryň üstünligi
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 21-24-nji oktýabry aralygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Uniwersiadanyň çäklerinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sport toplumynda küşt boýunça gyzlaryň hem-de oglanlaryň arasynda ýaryşlar geçirildi. Bäsleşik «A» we «B» toparlara bölünip, aýlaw usulynda guraldy. Iň köp utuk toplan toparlar finala çykmagy başardylar we öz aralarynda geçirilen duşuşyklardan soň ýeňijiler kesgitlenildi. Bäsleşigiň jemi boýunça gyzlaryň arasynda birinji orny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty, ikinji orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, üçünji orny bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty eýelemegi başardylar. Oglanlaryň arasynda birinji orna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty, ikinji orna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, üçünji orna bolsa Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary mynasyp boldular.
Durdygözel Amanowa,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sportuň köpçülikleýin görnüşleri kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.