Döwrebap lukmançylyk merkezi
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyp ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýakynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary ýurdumyzdaky ilkinji Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy. Merkezde zähmet çekýän hünärmenler talyp ýaşlara täze lukmançylyk düzümlerinde döredilen mümkinçilikler, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň aýratynlyklary barada giňişleýin düşünje berdiler.
ABŞ-nyň, GFR-iň, Italiýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Beýik Britaniýanyň belli kompaniýalarynyň ýokary derejeli enjamlary ornaşdyrylan merkez şikeslerden, kesellerden soň näsaglaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen ugra ýöriteleşip, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde-de şeýle görnüşli ilkinji lukmançylyk edarasydyr. Mälim bolşy ýaly, saglygy dikeltmek lukmançylygyň iň zerur ugurlarynyň biri bolup, näsaglary işjeň we özbaşdak durmuşa gaýtaryp getirmekde diýseň ähmiýetlidir. Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň robotlaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş ugurly lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy adam bedeniniň hereketini ýokary netijeli ýagdaýda dikeltmäge mümkinçilik berýär.
Merkeziň düzümine çagalaryň we ulularyň saglygyny dikeltmek üçin niýetlenen dürli bölümleriň 20-den gowragy, ýagny maslahat beriş we anyklaýyş; kinezoterapiýa we gidroterapiýa; fizioterapiýa; sagaldyş-dikeldiş; newrologiýa; ortopediýa ýaly bölümler girýär. Şeýle hem bu ýerde abilitasiýa; pediatriýa; kardiologiýa; iç keselleri; somnologiýa we sport reabilitasiýasy; kardioreabilitasiýa; iç keselleriniň reabilitasiýasy; giperbariki oksigenirleme; newrologiýa reabilitasiýasy; ortopediki reabilitasiýa bölümleri işleýär. Bölümleriň hersiniň işi her bir näsaga aýratyn çemeleşmäge gönükdirilendir.
Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine «Dr.Mellinghoff Consulting» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada ýokary tehnologiýaly binaly we durnukly infrastrukturaly merkez hökmünde güwänamasynyň, «ECRI» guramasynyň dünýä derejesindäki lukmançylyk tehnologiýalarynyň bardygyny tassyklaýan güwänamasynyň, «Marienhospital Gelsenkirсhen» hassahanasynyň Aşgabatdaky iň gowy halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hökmünde güwänamasynyň we Ýustus Libih adyndaky Gisen uniwersitetiniň sebitde iň gowy hassahana hökmünde iki sany güwänamasynyň gowşurylmagy onuň öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandygynyň hem-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýändiginiň ykrarnamasydyr.
«Türkmen sporty» gazeti: 26.10.2024
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW