Türkmen karateçileri Ispaniýada geçirilen dünýä çempionatynda üç medal gazandylar
Ispaniýanyň Kambrils şäherinde 2024-nji ýylyň 24-27-nji oktýabry aralygynda geçirilen adaty karate boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri bir kümüş we iki bürünç medal gazandylar.
«En-bu» jübüt çykyşynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň sport hünäriniň 2-nji ýyl talyby Nurgeldi Annagurbanow we Selim Muratdurdyýew kümüş medallaryň eýeleri boldular. Kumite boýunça şahsy bäsleşiklerde Selim Muratdurdyýew türkmen ýygyndysynyň hasabyna bürünç medal getirmegi başardy. Ýene bir bürünç medaly türkmen türgenleri toparlaýyn kumite bäsleşiginde gazandylar, bu ýerde Hemra Begjanow, Kemal Ataýew, Selim Muratdurdyýew we Eziz Zekerýaýew dagylar tapawutlandylar.
Ispaniýada geçirilen çempionata dünýäniň 17 ýurdundan jemi 500-den gowrak türgen gatnaşdy. Çempionatyň bäsleşiklerinde Türkmenistanyň ýygyndysyna 10 karateçi wekilçilik etdi.
https://www.turkmenportal.com/