Uniwersiada dowam edýär

 29-njy oktyabrda köpugurly sport toplumynda «Türkmenistan ruhubelentligin we sagdynlygyň   ýurdy» atly XIV unwersiadanyn çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň sambo görnüşi boýunça ýaryş geçirldi.
Bu ýaryşa talyp ýaşlar işjeň gatnaşyp ussatlyklaryny görkezdiler. Ýaryşa ýokary okuw mekdebimiziň talyplary hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan talyp türgenlere Hormat hatlary we medallar gowşuryldy. Uniwersiadanyň çäklerinde dowam edýän ýaryşlar örän gyzgalaňlylygy bilen tapawutlanýar. 
«Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV unwersiýadanyň 2025-nji ýylyň aprel aýyna çenli dowam edýändigini ýatladýarys. 

Maral ŞAMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47