Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda talyp ýaşlaryň arasynda hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini  ýaýbaňlandyrmak hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde wagyz-nesihat duşuşygy  geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gurbanmyrat Sähedow, şeýle-de duşuşyga gatnaşan myhmanlar çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşap, ylymly-bilimli, watansöýüji nesliň kemala gelmegi ugrunda yzygiderli alada edilýändigi barada gürrüň edildi.  Çykyş edenler wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Daýanç TAGYŞOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47