Türkmen tennisçileri «Ashgabat Open 2024» ýaryşynda ilkinji ýeňişlerini gazandylar
Türkmen tennisçileri Türkmenistanyň paýtagtynda badalga alan «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş edip başladylar. Ilkinji oýun güni Türkmenistan wekilçilik edýän türgenler ajaýyp netijeler görkezmek bilen ýaryşyň ikinji tapgyryna çykdylar.
Ýaryş Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda geçirilip, oňa 14 ýaşdan kiçi bolan tennisçiler gatnaşýar. «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynda 12 ýurda Beýik Britaniýa, Hindistan, Eýran, Iordaniýa, Gazagystan, Malaýziýa, BAE, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistana we Türkmenistana wekilçilik edýän 63 türgen çykyş edýär. Türkmenistandan ýaryşa 20 oglan we 22 gyz gatnaşýar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habaryna görä, oglanlaryň ýekelikdäki bäsleşiginde Emirhan Rustamow, Ýasin Faýzullaýew, Ylyas Mämmetgulyýew, Aly Geldiýew, Erkin Altyýew, Kerimgeldi Welibegow, Alyryza Meredow, Ýunus Annamyradow, Eýupbeg Atajanow, Süleýman Hudaýberdiýew we Muhammetsapa Serdarow ikinji tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazandylar.
Gyzlaryň arasynda bolsa Leýli Esenowa, Ksenýa Sorokina, Safiýa Tribunskaýa, Selbi Altyýewa, Sähra Garahanowa, Sülgün Işankulyýewa, Imiliýa Kambarowa, Anna Ponýatowa, Aýnur Atajanowa, Ilima Guseýnowa, Aýlara Kakabaýewa, Aýnur Annamyradowa we Näzli Hudaýkulyýewa ikinji tapgyra çykmagy başardy.
Ýaryş dowam edýär.
Işanguly MERETNYÝAZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.